Ylym-bilimde halkara hyzmatdaşlyk
Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäginde 2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Eren, Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň bölüm müdiri Zülgaip Akkuş, Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygynyň geňeşçisi Wahit Börek, Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň utgaşdyryjysy Serwet Turan, Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň bilermeni Merwe Solak Özkan, Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň hünärmeni Burak Kemal Düzgün gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda myhmanlar ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça türk dili mugallymlary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny teklip etdiler we bu günki duşuşygyň türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny nygtadylar.
Şeýle hem, wekiliýetiň agzalarynyň ýokary okuw mekdebimiziň türk dili mugallymlary hem-de Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň taýýarlygyň pedagogika bilimi (türk dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrynyň talyplary bilen duşuşmagy, olara bilim ulgamyndaky talyp haky maksatnamalar barada gürrüň bermekleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.