Biz barada

          Institut Aşgabadyň rus dili we edebiýaty pedagogik instituty ady bilen 1983-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň KP MK-nyň we TSSR MS-iň 250 belgili karary hem-de TSSR-iň Ýokary we ýörite orta bilim ministrliginiň 1983-nji ýylyň 6-njy iýunyndaky 86 belgili buýrugy esasynda döredildi. Ol TSSR-iň okary we ýörite orta bilim ministrliginiň 1984-nji ýylyň 29-njy fewralyndaky 23 belgili buýrugy boýunça 1984-nji ýylyň 1-nji martyndan işe başlady. 1990-njy ýylyň 1-nji fewralyndan Türkmen döwlet diller we edebiýat pedagogik instituty diýlip atlandyryldy. 1991-nji ýylyň 13-nji maýynda instituta Döwletmämmet Azadynyň ady dakyldy. 1995-nji ýylyň 11-nji awgustynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty diýen at berildi.
          Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyz döwrebap ýokary okuw mekdepleriň biridir. Institutyň mugallymlary we talyplary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda geçirýän täze özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň dil, edebiýat, bilim, ylym, jemgyýet we dünýä tejribesini öwrenmek baradaky taglymatlary ýokary bilimli, päk ahlakly, belent ruhly hünärmenleri taýýarlamakda uly ýardam edýär. Institutyň esasy wezipesi ýurdumyzyň halk hojalygy üçin döwlet we daşary ýurt dillerini bilýän ýokary hünärli dilçileri we edebiýatçylary, daşary ýurt dili mugallymlaryny we terjimeçileri taýýarlamakdan ybaratdyr. Institutda 14 sany dil boýunça hünärmen taýýarlanylýar. Institutyň düzüminde 5 fakultet, 17 kafedra işleýär. 
Fakultetler: 
Iňlis dili we edebiýaty fakulteti 
Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy 
Iňlis filologiýasy kafedrasy 
Iňlis dili kafedrasy 
Daşary ýurt edebiýaty kafedrasy 
Bedenterbiýe kafedrasy 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakulteti 
Roman-german dilleri kafedrasy 
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy 
Pedagogika we psihologiýa kafedrasy 
Maglumat tehnologiýalary kafedrasy 
Rus dili we edebiýaty fakulteti 
Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy 
Rus dili kafedrasy 
Rus edebiýaty kafedrasy 
Dil bilimi kafedrasy 
Gündogar dilleri we edebiýaty fakulteti 
Ýakyn gündogar dilleri kafedrasy 
Uzak gündogar dilleri kafedrasy 
Türkmen dili kafedrasy 
Türkmen edebiýaty kafedrasy 
Hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti 
Hünärler: 
Iňlis dili 
Nemes dili 
Fransuz dili 
Ispan dili 
Rus dili 
Arap dili 
Pars dili 
Türk dili 
Hytaý dili 
Ýapon dili 
Koreý dili 
Hindi dili 
Türkmen dili we edebiýaty 
Taýýarlygyň ugry: bakalawr derejesinde 
Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti 
Terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili) 
Nemes dili 
Fransuz dili 
Ispan dili 
Italýan dili 
Rus dilini okatmagyň usulyýeti 
Terjime we terjimeçilik işi (rus dili) 
Arap dili 
Pars dili 
Türk dili 
Hytaý dili 
Ýapon dili 
Koreý dili 
Hindi dili 
Türkmen dilini okatmagyň usulyýeti 
Taýýarlygyň ugry: magistr derejesinde 
Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti
          Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, talyplaryň hünär taýýarlygyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilen kararlaryny ýerine ýetirmek üçin institutda okuw işleri 5 ýyl okuw möhletine niýetlenen okuw meýilnamalary we maksatnamalary, taýýarlygyň bakalawr derejesi üçin 4 ýyl, magistr derejesi üçin 1 ýyl okuw möhletine niýetlenen okuw meýilnamalary we maksatnamalary boýunça alnyp barylýar.

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+993 12 36 84 08