HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

797 Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşan mährem eneler talyp gelin-gyzlara, zenan mugallymlara gyz edebi, maşgala mukaddesligi, zenan gözelligi, şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sylag-sarpasy hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Maslahatda çykyş edenleriň külli türkmeniň käbesi Ogulabat ejäniň görüm-göreldesi, nusgalyk ömür ýoly, ajaýyp el işleri dogrusynda beren gürrüňleri oňa gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.   Onda belentden ýaňlanan aýdymlar dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Dabara gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08