«AÇYK GAPYLAR»

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dileri instituty 2022-2023-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 27-nji aprelinde hem-de 4-nji maýynda sagat 14:00-da institutymyzyň baş binasynda ýerleşýän mejlisler zalynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Şol günlerde ýaşlar institutda okuwlaryň guralyşy, terjime işleriniň alnyp barlyşy, okary okuw mekdebinde öwredilýän hünär dilleri, geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler bilen tanşyp, okamak isleýän ýaşlara bildirilýän talaplar, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri, olaryň hukuklary we borçlary barada maglumat alyp bilerler.

Paýlaş

18/02/2022

«Lingwistika»

Biziň institutymyzyň talyplary «Ykdasyýetiň ýokary mekdebi» Milli

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+993 12 36 84 08