550
Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşan mährem eneler talyp gelin-gyzlara, zenan mugallymlara gyz edebi, maşgala mukaddesligi, zenan gözelligi, şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sylag-sarpasy hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Maslahatda çykyş edenleriň külli türkmeniň käbesi Ogulabat ejäniň görüm-göreldesi, nusgalyk ömür ýoly, ajaýyp el işleri dogrusynda beren gürrüňleri oňa gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Onda belentden ýaňlanan aýdymlar dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Dabara gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.