“Köňülleri birleşdirýän sungat”

1074
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz uly üstünliklere eýe bolýar. Mähriban ýaşlarymyz ylym-bilim pudagynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly” diýen parasatly sözlerinden ruhlanyp, bagtyýar geljegiň eýeleri bolan biziň ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary we bagtyýar talyplary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda yglan eden “Köňülleri birleşdirýän sungat” atly döredijilik bäsleşigine gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldular.
1.Şiriýewa Çynar, Iňlis filologiýasy kafedrasynyň öwreniji mugallymy – II orun;
2.Mämmedowa Meňli, Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň öwreniji mugallymy – II orun;
3.Nazargylyjow Yhlas,  Rus dili we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby – III orun;
4.Hydyrowa Aýnäzik, Rus dili we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby – höweslendiriji baýrak;
5.Orazberdiýewa Aýbibi, Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby – höweslendiriji baýrak;
6.Aýmakowa Annabeg, Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby – höweslendiriji baýrak. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08