Bildiriş
2594Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýakyn Gündogar dilleri kafedrasynda boş iş ornuna pedagogik işgärlerini saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär! Ýakyn Gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymy wezipesini (1,25 iş ýüküne) eýelemek üçin dalaşgäriň “Filolog, hindi dili mugallymy, terjimeçi” hünäri boýunça ýokary bilimi (okuwyň möhleti 5 ýyl) bolmaly. Bäsleşige gatnaşmak üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň işgärler bölümine arza bermeli.Bäsleşik 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-inde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçiriler.