Institutymyzyň talyplary Breýn-Ring bäsleşiginde II orna mynasyp boldular

870 17-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Breýn-Ring bäsleşigi geçirildi. Oňa BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sanly ulgamlar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Muhammet Faýazi emin agza hökmünde gatnaşdylar. Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda geçirildi. Bäsleşikde institutymyzyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyplary Sylap Taganow, Mähri Gummyýewa, Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyplary Mekan Annagulyýew, Güljemal Güýjowa, Enejan Nedirowa BMG we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň daşary syýasaty, dünýä taryhy we edebiýaty ýaly temalardan öz bilim-başarnyklaryny görkezip, II orny eýelediler hem-de   hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08