“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim pudagynyň ösüşli menzilleri”

565 2024-nji ýylyň 14-nji martynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda talyp ýaşlaryň daşary ýurt dilleri boýunça bilimlerini kämilleşdirmek hem-de olarda dilleri öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak maksady bilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim pudagynyň ösüşli menzilleri” atly talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Onuň umumy mejlisinde daşary ýurt dillerini okatmakda ylmyň gazananlary, dilleri öwrenmegiň döwrebap usullary hakynda çykyşlar diňlendi. Talyplaryň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan edýän, ata Watanymyzy wasp edýän dünýä dillerindäki aýdymlary bolsa, watansöýüjiligiň nusgasy hökmünde ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň dillerinde sena bolup, belentden ýaňlandy. Soňra ylmy-amaly maslahat “Dil bilen dünýäni gezer”, “Dünýä dillerini öwretmegiň wajyp meseleleri”, “Dünýä dilleri – dostluk köprüsi” atly bölümlerde dowam etdi. Olarda dilleri öwretmegiň we öwrenmegiň netijeli usullary, bu ugurda ylmy we öňdebaryjy tehnologiýalary, dünýä tejribesini ulanmagyň aýratynlyklary we ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmäge döredilip berilýän şertler hakynda gürrüň edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08