IX-XI synp okuwçylarynyň arasynda 2024-nji ýylyň mart aýynyň 16-syna nemes dili dersi boýunça olimpiada.

594
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky 519 Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” we 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyl¬lar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alyp, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň IX-XI synp okuwçylarynyň arasynda 2024-nji ýylyň mart aýynyň 16-syna nemes dili dersi boýunça olimpiada geçirdi.
Olimpiada iki tapgyrda geçirilip, 1-nji tapgyry “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly temadan düzme ýazmakdan ybarat boldy. Düzmeler olimpiadanyň guramaçylyk toparynyň elektron salgysyna 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 29-yna çenli ugradyldy. 
Birinji tapgyryň netijeleri esasynda  eminler topary tarapyndan saýlanan 15 okuwçy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. 1-nji tapgyryň netijeleri 2024-nji ýylyň mart aýynyň 7-sine yglan edildi we gatnaşyjylaryň elektron salgysyna iberildi. Olimpiadanyň 2-nji tapgyry 2024-nji ýylyň mart aýynyň 16-syna sagat 10:00-11:30 aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi. 2-nji tapgyryň ýumuşlary nemes dilinde okap düşünmek, diňläp düşünmek we ýazmak boýunça ýumuşlardan ybarat boldy. Olimpiadanyň netijeleri Nemes dili hepdeliginiň jemleýji dabarasynda yglan edildi.Eminler toparynyň gelen netijesi boýunça aşakda görkezilen okuwçylar ýeňiji diýlip yglan edildi.
Baş baýrak - Annaýewa Ejeş, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy;
1-nji orun - Durdyýewa Leýli, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy; 
2-nji orun - Babaýew Şatlyk, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy; 
3-nji orun - Borjakowa Näzik, Daşoguz şäheriniň 26-njy ýöriteleşdirilen mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.
Olimpiýadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy, olary taýýarlan mugallymlar institutyň Hormat haty bilen sylaglandy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08