Zehinleler öňe saýlandy

1083
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň: “Ýaşlaryň dünyä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleșiklerini yzygiderli geçirip durmaly” diýen tabşyryklaryndan ugur alyp, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we “Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmușa geçirmegiň meýilnamasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 26-njy ýanwaryndaky 23 belgili buýrugyny we bu buýruk bilen tassyklanan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary synp okuwçylarynyň arasynda dersler boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibini ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň umumybilim beryän orta mekdepleriniň IX-XI synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça II olimpiada  2 tapgyrda, I tapgyr 2024-nji ýylyn fewral aýynyň 26-syna onlaýn, II tapgyr 2024-nji ýylyň mart aýynyň 30-yna institutyň okuw binasynda geçirildi. Geçirlen olimpiadanyň netijesinde jemi 6 okuwçy baýraykly orunlary eýelemegi başardy.   
1-nji orna  Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nurakowa Aýjeren Serdarowna;  
2-nji orna  Aşgabat şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hudaýkuliýewa Aliýa we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Matýakubowa Enejan Ruslanowna; 
3-nji orna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 46-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Durdynazarowa Mähri Nurýagdyýewna, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Annadurdyyewa Arzuw we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýoldaşewa Malika Salimjanowna  eýe boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08