«Dünýä ýaň salyp dur dostluk mukamy, Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»

524 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň
75 ýyllygy mynasybetli «Dünýä ýaň salyp dur dostluk mukamy, Türkmenistan –
Bitaraplygyň mekany»
atly iş maslahaty geçirildi. Maslahatda Birleşen
Milletler Guramasynyň resmi – rus, iňlis, fransuz, ispan, arap we hytaý
dillerinde çykyş edildi. Maslahatyň dowamynda watansöýüji, giň
dünýägaraýyşly,  dilçi-terjimeçi ýaşlaryň
kemala gelmeginde türkmen bitaraplygynyň ähmiýetiniň has uludygy aýratyn
bellenildi .

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08