Germaniýanyň Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersiteti, teleköpri arkaly göni aragatnaşykda

495 Döwletmämmet Azady
adyndaky  Türkmen milli dünýä dilleri
instituty bilen
Germaniýanyň Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetiniň
arasynda teleköpri arkaly göni aragatnaşykda okuw maslahaty geçirildi. 2016-njy
ýyldan bäri bilelikde hyzmatdaşlyk saklaýan bu uniwersitetiň prorektory,
professor Ýohanna Mirendorf  institutyň
nemes dili mugallymlaryna we nemes dili hünäriniň talyplaryna “Germaniýada
çagalaryň saglygyny goraýyş” diýen tema boýunça täsirli gürrüň berdi. Talyplar
Eziz Arkadagymyzyň saýasynda täze gurlup ulanylmaga berlen Halkara ýanyk
şikeslerini bejeriş hem-de Estetiki 
merkezler barada, Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek,
raýatlarymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, ýaşaýyş­-durmuş şertlerini
yzygiderli gowulandyrmak, ömür dowamlylygyny uzaltmak üçin alnyp barylýan
netijeli işleri beýan edýän gyzykly çykyşlary etdiler. Bitaraplyk
ýyllarynda  Eziz Arkadagymyzyň
saýasynda  lukmançylyk we bilim  ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň
barha rowaçlanýandygyny teleköprä gatnaşýan iki tarap hem buýsanç bilen
belledi.

Paýlaş

11/11/2023

BILDIRIŞ!

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08