“Durnukly ösüş maksatlary biziň aňymyzda we hereketlerimizde”

822

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynda
“Türkmenistanda daşary ýurt dilleri okatmagy kämilleşdirmegiň
Konsepsiýasyndan”
gelip çykýan
wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly
toýunyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygynyň
bellenilýän “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylynda” ýaşlarymyzyň arasynda
zehinleri ýüze çykarmak, döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty
babatda bilimlerini artdyrmak, ýaşlarymyzyň ata Watanymyza bolan söýgüsini
çuňlaşdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerleriniň talyplarynyň
arasynda “Durnukly ösüş maksatlary biziň
aňymyzda we hereketlerimizde”
atly iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşiginiň
jemleri jemlendi. Manyly we häzirki zaman ösüşleri öz mazmunynda jemleýän iň
gowy düzmeleri ýazan talyplaryň prezentasiýaly çykyşlary jemleýji maslahatynda
diňlenildi. Welaýatlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinden ýeňiji bolanlar
teleköpri arkaly göni aragatnaşykda öz çykyşlaryny edip, bu bäsleşigiň has-da
şowhunly bolmagyna getirdi.



Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomdyr sowgatlar
gowşurylyp, ýaşlaryň ata Watanymyza, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy diňe
ösüşlere alyp barýan eziz Arkadagymyza bolan buýsançlary dünýä dillerinde
ýaňlanan aýdymlarda öz beýanyny tapdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08