“Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylygyň we ösüşiň ýoly”
405Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly
adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty hem-de Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde gurnamagynda ata
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň
25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli “Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylygyň we
ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahaty geçirildi.
Golýazmalarda, türkmen edebiýatynda we gadymy taryhymyzda türkmen
bitaraplygynyň ýörelgelerini hem-de taryhy köklerini beýan edýän ylmy çeşmeler
baradaky alymlaryň eden çykyşlary daşary ýurt dilleri arkaly golýazmalary
öwrenýän tejribeçi talyplar üçin has-da gyzykly boldy.
Bu ylmy maslahatyň ýaşlarda ata Watanymyza bolan
söýgüsiniň we ynamynyň mizemezliginde, buýsançlarynyň goşalanmagynda, ylmy
gözlegleriniň kämilleşmeginde uly ähmiýeti bardyr.