“Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Bagtyýarlyk döwründe”
652 Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ilkinji demokratik partiýasynyň, Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bilelikde guramagynda “Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Bagtyýarlyk döwründe” atly edebi-söhbetdeşlik geçirildi.
Onda Bagtyýarlyk döwründe Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasynyň öwrenilişi dogrusynda gürrüň edildi. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşan görnükli şahyrlarymyz Gurbandurdy Geldiýewiň, Gözel Amangulyýewanyň, şeýle-de institutyň zehinli talyp ýaşlarynyň öz döreden şygyrlary uly höwes bilen diňlenildi.