“Türkmen dili we edebiýaty hepdeligi”

1596

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Türkmen dili we edebiýaty hepdeligi” dowam edýär. Bu dil baýramy mynasybetli milli edebi we etniki gymmatlyklarymyzy öz içine alýan ýörite sergi gurnaldy. Bu baýrama Türkmen dili we Türkmen edebiýaty kafedralarynyň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda türkmen dili we edebiýaty hünäriniň talyplary işjeň gatnaşýarlar. Hepdeligiň çäginde geçirilýän göçme, açyk sapaklar türkmen diliniň we edebiýatynyň wajyp meselelerine bagyşlanýar. Bu sapaklar tematikasynyň köpdürlüligi we mazmunynyň baýlygy hem-de usulyýetiniň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Şeýle “Dil hepdelikleriniň” geçirilmegi talyp ýaşlaryň öz hünärlerine bolan höwesini artdyrýar hem-de geljekde saýlap alan hünäriniň ussatlary bolup ýertişmeklerine ýakyndan ýardam edýär.  

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08