Bilimler we talyp ýaşlar güni

1209

2021-nji ýylyň 
1-nji sentýabrynda  Döwletmämmet
Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy
mynasybetli dabara geçirildi. Dabara 
Türkmenistanyň Bilim ministri, institutyň rektory,
professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdy. Onda Hormatly  Prezidentimiziň ýurdumyzyň talyp ýaşlaryna
we  mekdep okuwçylaryna, bilim
işgärlerine iberen gutlagy okaldy, institutyň 1-nji ýyl talyplaryna  talyplyk şahadatnamasy gowşuryldy.   Institutyň “Altyn miras” döredijilik
toparynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08