Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy

339 Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygy we Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan” gazetiniň bölüm müdiri  Akmyrat Hojanyýazow hem-de “Türkmenistan” gazetiniň  uly habarçysy Ysmaýyl Taganow bilen duşuşyk geçirildi.  Žurnalistleriň  bitaraplyk, onuň taryhy ähmiýeti, Diýarymyzyň ösüşleri dogrusynda beren täsirli gürrüňleri talyp ýaşlaryň eziz Watanyna, ene topragyna, halka bolan söýgüsini has-da artdyrdy. Duşuşygyň  dowamynda  talyp ýaşlaryň  ýüreklerinden joşup çykan goşgy setirleri, dana şahyryň sözlerine ýaňlanan  aýdymlardyr,  sahnada janlandyrylan keşpler dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. 

Paýlaş

11/11/2023

BILDIRIŞ!

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08