“Öňe, öňe, diňe öňe!- biziň beýik şygarymyz”

751
Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda   “Öňe, öňe, diňe öňe!- biziň beýik şygarymyz” atly  maslahat geçirildi.Maslahatda Täze 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly Zamanasy” şygarynyň  many-mazmuny barada giňişleýin buýsançly gürrüň edildi. Maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň agzybir halkynyň, ýurdumyzyň jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän guwandyryjy taryhy wakalaryň, syýasatda, ykdysadyýetde we medeni durmuş ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikleriň Arkadag Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyp, “Halkyň Arkadagly Zamanasy” şygarynda türkmenistanlylaryň milli Liderimize çäksiz buýsanjynyň, söýgüsiniň we hormatynyň hem-de  Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegine beýik ynamynyň şöhlenenýändigini buýsanç bilen  bellediler. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Jan Watanym Türkmenistan!” atly şygryna buýsançnamalary beýan edildi.  Ýurdumyzda döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman hem mähriban Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08