“El hünäri – il gezer”
756Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda mugallymlarynyň hem-de talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden “El hünäri – il gezer” atly döredijilik bäsleşiginiň fakultetara tapgyry geçirildi. Bäsleşikde talyp ýaşlaryň taýýarlan el işleri, şaý-sepleri, çeken suratlary, düşüren fotosuratlary görkezildi. Bäsleşige gatnaşan talyplar öz ýerine ýetiren işleri, olaryň taýýarlanylyş aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Eminler topary bäsleşige hödürlenilen işler bilen tanşyp, olardan mynasyplaryny saýladylar hem-de ýeňijileri yglan etdiler. Bäsleşigiň dowamynda talyp ýaşlara institutyň halypa mugallymlary “Milli ýörelgelerimiz esasynda ýaşlary terbiýelemek”, “Keçe sungaty milli gymmatlygymyz”, “Milli senet-müdimi senet, zergärçilik, şaý-sepleriň taýýarlanyşy” atly temalardan gürrüň berdiler. Onda ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlar onuň şowhunyny artdyrdy. Bäsleşige gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin öz hoşallyklaryny beýan etdiler.