“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”
827Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly koreý dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Koreýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sungçul Şini, Merkezi Aziýa Koreýa hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň direktory Li Çon Guk, Koreý Sejong merkeziniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, gazet-žurnallaryň redaktorlary, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pofessor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu ajaýyp eseriň many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti, bu gymmatly gollanmanyň koreý diline terjimesiniň bolsa, bu dili öwrenýänler üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdygy barada aýratyn durup geçdiler. Bu ylmy-pelsepewi kitapdaky ylym-bilim öwrenmek, zähmeti söýmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, dostluk, ynsaplylyk ýaly düşünjeler baradaky parasatly pikirleriň, pähim-paýhaslaryň, ylmy-filosofiki garaýyşlaryň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem tutuş adamzat nesli üçin hem ýol görkeziji şamçyragdygy barada buýsanç bilen bellediler.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmäni Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 4-nji ýyl talyby Orazmuhammedow Döwran okady.