“Parahatçylygyň dilleri” atly ÝUNESKO kluby

6305

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda döredilen “Parahatçylygyň dilleri” atly  ÝUNESKO klubynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistan hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edildi. Bu gurama tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde bütindünýä ähmiýetli işleri alyp barýar. Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyz hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini hemişe nygtaýar. Bu işleri has netijeli alyp barmakda dünýä dillerini öwredýän, bu ugurda ýokary derejeli dilçileri we terjimeçileri taýýarlaýan bilim ojagy bolan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem öňünde uly wezipeler durýar. Bu guramanyň alyp barýan işlerine hem-de ýurdumyzda geçirilýän çärelerine we wagyz işlerine hem işjeň gatnaşýarlar. Bu işleriň gerimizi giňeltmek üçin Hormatly Prezidentimiziň: “Halkymyzyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatlyklaryny halkara derejede ykrar etdirmek üçin alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyk ösdürilmelidir” diýen tabşyryklaryndan ugur alyp, ýokary okuw mekdebimiziň we Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň başlangyjy bilen ata Watanymyzda ilkinji gezek ÝUNESKO Kluby döredilýär. ÝUNESKO Kluby dünýäde ilkinji gezek 1947-nji ýylda Ýaponiýada döredilýär. “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO Kluby bu institutyň ÝUNESKO-nyň beýik maksatlaryna eýerýän we gyzyklanma bildirýän talyplarynyň we mugallymlarynyň birleşmesidir.  Olar ÝUNESKO-nyň alyp barýan işi bilen gös-göni bagly çäreleri durmuşa geçirip, halkara guramanyň işine işjeň gatnaşýarlar we onuň köpçülige ýaýramagyna ymtylýarlar. Klubynyň esasy maksatlary - bu  adalatlylygyň we adam hukuklarynyň ählumumy hormatyny üpjün etmek maksady bilen  bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda halklaryň hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly parahatçlylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmekden ybaratdyr. Klubyň esasy wezipeleri: bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda  bilelikde işlemekleri, adamkärçilik ýörelgeleri, ÝUNESKO-nyň beýik maksatlary, parahatlylygyň we adamlaryň birek-birege düşünşmeklik taglymatlary barada wagyz etmek üçin hemme agzalary birleşdirmek; sabyr-takatly aragatnaşygy, kommunikatiw ukyplary  we medeniýetara başarnyklary döretmek we ösdürmek; mugallymlaryň döredijilik, ylmy ösüşleri we talyplaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak üçin şertleri döretmekdir. Klubyň maksadyny we wezipelerini doly derejede durmuşa geçirmekde hem-de işini kämilleşdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň, şonuň ýaly-da Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurdaky başlangyçlary, gazanýan üstünlikleri bize esasy ýol-ýörelgedir. Netijeliligi gazanmakda baş göreldedir. “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO Klubynyň işiniň esasy ugurlary: BMG we ÝUNESKO barada maglumatlary ýaýratmak; sabyr-takatlylygy wagyz etmek, dünýä medeniýetini döretmek; bütindünýä medeni miras; daşky gurşawy öwrenmek we goramak; işjeň durmuş garaýyşlary we sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek, ÝUNESKO-nyň halkara medeni, durmuş we bilim taslamalaryna gatnaşmak; ýaş zehinlere goldaw bermekden ybaratdyr. Klubyň işiniň görnüşleri: ÝUNESKO-nyň esasy resminamalaryny öwrenmek we olar bilen tanyş etmeklige ýardam bermek; ÝUNESKO-nyň Baş maslahaty (konferensiýasy) tarapyndan yglan edilen halkara ýyllary geçirmeklige gatnaşmak; ÝUNESKO tarapyndan yglan edilen halkara ýa-da bütindünýä hepdelikleri we günleri geçirmek; ÝUNESKO-nyň bilelikdäki hereketleriniň Maksatnamalaryny durmuşa geçirmeklige gatnaşmak; şol maksatnamada göz öňünde tutulan taslamalary amal etmek; daşary ýurt döwletleri we medeniýetleri nutuklar, “tegelek stollar”, maslahatlar (konferensiýalar), kinofilmleri görkezmek, sergi geçirmek, syýahat etmek arkaly öwrenmek; ýaşlaryň meselelerini, olaryň jemgyýetdäki ornuny öwrenmek; ÝUNESKO-nyň dünýädäki beýleki Klublary bilen aragatnaşygy ýola goýmak. Şonuň ýaly-da öz meýilnamasyna laýyklykda ÝUNESKO kluby muzeýlere, kitaphanalara, sergilere we ş.m. medeni we okuw gezelençleri guraýar; wajyp halkara mowzuklar boýunça edebiýat, şygryýet, surat we fotosurat bäsleşikleri guraýar; medeni mirasy gorap saklamak we ony ýaýratmak, Bütindünýä mirasy barada  Konwensiýany ýaýratmak, daşky gurşawy goramak, ýerli däp-dessurlary öwrenmek boýunça çäreleri geçirýär, klubyň agzalarynyň ýerine ýetiren sungat eserleriniň sergisini guraýar; parahatlygy saklamaklyga goşan goşandy üçin meşhur şahslaryň ýyllyklaryny belleýär, ylmy-amaly maslahatlary geçirýär we ÝUNESKO-nyň halkara medeni, durmuş we bilim taslamalara gatnaşmak üçin bäsleşik materiallaryny toplamak we bermek bilen meşgullanýar. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň aýawly saklanmagyny we wagyz edilmegini üpjün etmäge, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlar Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygyny nygtamak isleýärin. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň belent ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine medeni we ylmy diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzy parahatçylygyň, dostanalygyň Watany hökmünde dünýä tanadýan, yhlasyny, gujur-gaýratyny halkynyň eşretli durmuşyny gazanmakda gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, gadamlary elmydama rowaçlyklara beslensin!


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08