ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ BIREK-BIREK BILEN TEJRIBE ALYŞMAKDA HYZMATDAŞLYKLARY BARHA KÄMILLEŞÝÄR

1033 Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabyryndaky Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birek-birek bilen tejribe alyşmakda hyzmatdaşlyklary barha kämilleşýär. Ikitaraplaýyn alnyp barylan açyk sapaklar, bäsleşikler, okuw usuly maslahatlar, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli bu hukuk derejämizi dillerde wasp edýän sergiler, dabaraly çykyşlar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Yksydadyýet we sanly tehnologiýalary fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlarydyr talyplary üçin has-da gyzykly we kämilleşmek üçin uly mümkinçilik boldy. Eziz Arkadagymyzyň saýasynda ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman kompýuter enjamlarynyň elýeterliligi - dilleri kämil öwretmekde sanly bilimiň gazananlary bilen utgaşdyrmaga we talyp ýaşlaryň bu işlere höwesli gatnaşmaklaryna uly itergi berýär. Sesleri we şekilleri, ýatlamak ukybyny artdyrýan birnäçe ýumuşlary özünde jemleýän elektron sözlükler tehniki ugurly öwrenijiler üçin has-da täsirli boldy. Dilleri öwretmekde gazanylanlaryň institutyň DATMDDI saýtynda gyzyklanma bildirýänlere elýeterli edilmegi “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” we “Sanly bilim Konsepsiýasynyň” beren miweleridir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08