Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň amaly tapgyry

Halkara bilim hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmegiň hem-de akademiki hereketlilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplar topary rus dili boýunça işjeň sözleýiş tejribeligini geçmek üçin Moskwa şäherine ugrady.

Bilim maksatnamasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar. Tejribelik 2026-njy ýylyň 29-njy iýuny – 5-nji iýuly aralygynda 72 akademiki sagatlyk ýörite işlenip taýýarlanan maksatnama esasynda geçirilýär. Maksatnama talyplaryň sözleýiş, aragatnaşyk hem-de medeniýetara başarnyklaryny we endiklerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Halkara bilim maksatnamasyna gatnaşmak hukugyna rus dili we edebiýaty fakultetiniň bäsleşikli saýlama tapgyryndan üstünlikli geçen ikinji ýyl talyplarynyň 18-si mynasyp boldy. Saýlama iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylar fonetika, orfoepiýa, leksika, söz ýasalyşy, grammatika hem-de rus edebiýatynyň esaslary boýunça toplumlaýyn synagdan geçdiler. Ikinji tapgyrda gatnaşyjylaryň höweslendiriş häsiýetli dilden çykyşlary, sözleýiş derejesi, aragatnaşyk başarnyklary, medeniýetara gatnaşyga taýýarlygy, şeýle hem okuw we döredijilik işjeňligi bahalandyryldy. 

Sözleýiş tejribeliginiň maksatnamasy «Beýik dili öwrenýärin!» atly bilim taslamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň we «Meniň taryhym» atly ynsanperwer taslamalar gaznasynyň goldaw bermeginde Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan taýýarlanyldy. Bir hepdäniň dowamynda talyplar häzirki zaman rus dili, rus edebiýaty, sözleýiş medeniýeti, rus sözüniň taryhy, edebi ülkäni öwreniş hem-de rus diliniň dünýäni dil arkaly beýan ediş aýratynlyklaryna bagyşlanan umumy we amaly sapaklara gatnaşarlar. Sapaklary Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rus we tatar filologiýasy kafedrasynyň mugallymlary, filologiýa ylymlarynyň kandidatlary Konstantin Kalinin hem-de Galina Frolowa alyp bararlar.

Maksatnamada medeni-aň-bilim ugry hem aýratyn orun eýeleýär. Okuw sapaklary bilen medeni miras bilen tanyşlygyň utgaşdyrylmagy talyplara rus dili baradaky düşünjelerini dünýä medeniýetiniň möhüm düzüm bölegi hökmünde has-da giňeltmäge hem-de alan bilimlerini hakyky aragatnaşyk şertlerinde netijeli ulanmaga mümkinçilik berer.

Maksatnama jemleýji synag, okuwyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stol hem-de gatnaşyjylara şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşurmak bilen jemlener. Alnan bilimler we toplanan amaly tejribe geljekki rus dili we edebiýaty mugallymlarynyň hünär taýýarlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, olaryň aragatnaşyk medeniýetini ösdürmäge, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň halkara akademiki gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam eder.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň halkara sözleýiş tejribeligi maksatnamasyna gatnaşmagy institutyň talyplaryň akademiki hereketliligi üçin mümkinçilikleri yzygiderli giňeltmek, dil biliş derejelerini ösdürmek hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň nobatdaky aýdyň beýanydyr.