Institutyň binýadynda döredilen “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO Kluby ýurdumyzda ilkinji açylan klub bolmak bilen ata Watanymyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynda gazanýan netijelerini we ýola goýýan gatnaşyklaryny dünýä dillerinde wagyz edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasyndan ugur alyp, Klubyň işjeň agzalary dürli ugurly çäreleri geçirýär. ÝUNESKO-nyň we milli senenamamyzyň günleri, degişli resminamalary, konwensiýalary, milli gymmatlyklarymyz, taýýarlanylýan milli we köptaraplaýyn hödürnamalar barada ýaşlaryň sowatlylygyny artdyrmakda ýurt derejesinde onlaýn maslahatlary, breýn-ring akyl bäsleşiklerini, dürli ugurly festiwallary gurnaýar. Ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO Klublary we kafedralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklap, diller arkaly dostlugyň mizemez köprüsini gurýar. Klubyň ösüşinde halkara hyzmatdaşlygyň hem döwrebap mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan «Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini» ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen “Türkmenistan-ÝUNESKO: diýardan ýaýran ýollar” atly telegepleşigi taýarlamak üçin «Parahatçylyk dilleri» we «Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO klublaryň wekilleri bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolup, ýaşaýjylar, dürli ýaşdaky raýatlar bilen ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikler, gadymdan gelýän lukmançylyk däp-dessurlarymyz barada söhbetdeşlikler gurnalýar.