Course Image

Elektron žurnal: Filologiýanyň meseleleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” we “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen “Internet ulgamynda elektron ylmy hem-de ylmy-usuly žurnallary döretmek we yzygiderli kämilleşdirmek” baradaky çäreleri durmuşa geçirmek babatynda öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, şeýle hem ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy barlaglary halkara giňişliginde giňden wagyz etmek maksady bilen, elektron žurnalyny döretmek   hem-de ony elektron görnüşinde internet ulgamy arkaly ýaýratmak jemgyýetiň we döwrüň talabyna öwrüldi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşleriň belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özgertmeleri, halkymyzyň gadymdan gelýän baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen ylmynda gazanylanlary wagyz etmek, dünýä ýaýmak hem-de Alym Arkadagymyzyň: “Biziň eşretli hem-de bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýen sözlerinden ruhlanyp, ýaşlary ylma ugrukdyrmak, talyplaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, ýaş alymlaryň döredijilikli gözleglerine hemaýat etmek, olary ylmy-barlag işlerine höweslendirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim we ylym ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usuly elektron žurnal döredildi.

Üç aýda bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän elektron žurnalyň redaksion düzümine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň hem-de professor-mugallymlarynyň girizilmegi bu žurnalyň işiniň has-da maksadalaýyk boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Žurnalda talyplaryň, mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we ylmy işgärleriň makalalary çap edilýär, işläp taýýarlamalar baradaky habarlara, ylmy-usuly maglumatlara we ylmy-amaly barlaglaryň wajyp ugurlaryndaky innowasiýalara aýratyn ähmiýet berilýär.

Beýleki salgylar

FILOLOGIÝANYŇ MESELELERI  (KBK 80)
98 sahypa 30.09.2024

Žurnal türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýär.