Course Image

Elektron žurnal: Filologiýanyň meseleleri

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” we “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen “Internet ulgamynda elektron ylmy hem-de ylmy-usuly žurnallary döretmek we yzygiderli kämilleşdirmek” baradaky çäreleri durmuşa geçirmek babatynda öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, şeýle hem ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy barlaglary halkara giňişliginde giňden wagyz etmek maksady bilen, elektron žurnalyny döretmek hem-de ony elektron görnüşinde internet ulgamy arkaly ýaýratmak jemgyýetiň we döwrüň talabyna öwrüldi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşleriň belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özgertmeleri, halkymyzyň gadymdan gelýän baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen ylmynda gazanylanlary wagyz etmek, dünýä ýaýmak hem-de Alym Arkadagymyzyň: “Biziň eşretli hem-de bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýen sözlerinden ruhlanyp, ýaşlary ylma ugrukdyrmak, talyplaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, ýaş alymlaryň döredijilikli gözleglerine hemaýat etmek, olary ylmy-barlag işlerine höweslendirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim we ylym ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usuly elektron žurnal döredildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Redaksion geňeşiniň dil, edebiýat we taryh ylymlar boýunça seljeriş işlerini alyp barýan toparynyň 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiren 21-nji mejlisiniň Netijenamasy bilen makullandy we çap etmäge rugsat edildi.

“Türkmendöwletstandartlary” baş döwlet gullugynda hasaba alyndy (TDS-7.9-95, TDS-7.56-2002, TDS-7.60-2003).

2025-nji ýylyň 19-njy martynda halkara standart seriýa belgisi – ISSN (International Standart serial Number) berildi (ISSN: 3079-9449).

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy tarapyndan hasaba alyndy (şahadatnama№ D 283).

2026-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň iň iri maglumat-analitik portaly bolan Ylmy elektron kitaphanasynyň (eLibrary.ru) halkara sanawyna girizildi.

Üç aýda bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän elektron žurnalyň redaksion düzümine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň hem-de professor-mugallymlarynyň girizilmegi bu žurnalyň işiniň has-da maksadalaýyk boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Elektron žurnalda dört ugur boýunça makalalar neşir edilýär:

‒ filologiýa,

‒ okatmagyň usulyýeti,

‒ jemgyýeti öwreniş ylymlary,

‒ pedagogika we psihologiýa.

Filologiýa bölüminde türkmen we daşary ýurt dilleriniň grammatikasy, leksikologiýasy, dil bilimi, edebi mirasyň derňewleri, söz sungaty, edebiýaty, onuň taryhy, ösüş tapgyrlary boýunça ylmy makalalar neşir edilýär.

Okatmagyň usulyýeti bölüminde neşir edilýän makalalarda bilim bermek prosesini netijeli guramak, döwrebap usullary, pedagogik tehnologiýalary dersleri okatmakda ulanmaga gönükdirmek, dürli dersler boýunça sapak geçmegiň innowasion usullary, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we okuwçylaryň, talyplaryň bilime bolan höwesini artdyrmak baradaky amaly maslahatlar we tejribeler paýlaşylýar.

Jemgyýeti öwreniş ylymlary bölüminde taryh, filosofiýa, sosiologiýa, medeniýetşynaslyk, syýasatşynaslyk we hukuk ylymlary boýunça ylmy barlaglar hem-de adamyň, jemgyýetiň we olaryň özara gatnaşyklarynyň taryhyny, durmuşyny, medeni we filosofik taraplaryny, jemgyýetçilik ösüşini seljerýän makalalar ýerleşdirilýär.

Pedagogika we psihologiýa bölüminde ýaş nesle terbiýe bermegiň, olary şahsyýet hökmünde kemala getirmegiň ylmy we amaly esaslaryny öz içine alýan terbiýeçilik işleriniň usullary, pedagogik psihologiýa, bilim ulgamyny dolandyrmak, mekdep we mekdebe çenli edaralarda terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek baradaky makalalar neşir edilýär.

 

Žurnalda ylmy işgärleriň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, mugallymlaryň we talyplaryň makalalary neşir edilýär, işläp taýýarlamalar baradaky habarlara, ylmy-usuly maglumatlara we ylmy-amaly barlaglaryň wajyp ugurlaryndaky innowasiýalara aýratyn ähmiýet berilýär.

FILOLOGIÝANYŇ MESELELERI  (ISSN 3079-9449 (Onlaýn))
63 sahypa 03.12.2025

Žurnal türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýär.

FILOLOGIÝANYŇ MESELELERI  (ISSN 3079-9449 (Onlaýn))
59 sahypa 11.09.2025

Žurnal türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýär.

FILOLOGIÝANYŇ MESELELERI  (ISSN 3079-9449 (Onlaýn))
86 sahypa 28.05.2025

Žurnal türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýär.

FILOLOGIÝANYŇ MESELELERI  (KBK 80)
83 sahypa 06.03.2025

Žurnal türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýär.

FILOLOGIÝANYŇ MESELELERI  (KBK 80)
80 sahypa 04.12.2024

Žurnal türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýär.

FILOLOGIÝANYŇ MESELELERI  (KBK 80)
98 sahypa 30.09.2024

Žurnal türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýär.