«Açyk gapylar» güni geçirildi
Ýurdumyzda ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, bilim bermek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geljegimiz bolan ýaşlaryň terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär.
Her ýyl geçirilýän däbe görä, 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 14-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň uçurymlary we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» güni geçirildi.
Ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak we bu ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy işler, geçirilýän medeni-köpçülik, sport çäreleri bilen giňişleýin tanyşdyrmak maksady bilen guralan bu çärä Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň 12-nji synp okuwçylary işjeň gatnaşdylar.
«Açyk gapylar» güni institutyň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň döredijilik toparynyň talyp ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirmeginde şowhunly aýdym-sazlar, tanslar, çykyşlar bilen utgaşyp, baýramçylyk ruhuna beslendi.
Açyk gapylar gününe gatnaşyjylar institut bilen tanyşdylar we olara fakultetleriň, kafedralaryň, institutda hereket edýän ýurdumyzdaky ilkinji «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO Klubynyň alyp barýan işleri, sanly bilimiň döwrebap mümkinçiliklerinden peýdalanyp daşary ýurt dilleriniň öwredilişi, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara olimpiadalaryň geçirilişi, döwrebap sinhron terjime, kompýuter, lingafon ýaly ýöriteleşdirilen okuw otaglary we wideozallar barada giňişleýin maglumat berildi. Geljekki dalaşgärler üçin okuw binalaryna, otaglaryna, institutyň muzeýine we kitaphanasyna gezelenç guraldy. Soňra mekdep okuwçylary institutymyzyň baş binasynda ýokary okuw mekdebimizde öwredilýän hünär dillerine degişli kitaplar, kitapçalar, sowgatlyklar, bezeg işleri, şeýle hem institutymyzyň talyplarynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar.
Ýokary okuw mekdebinde dilçi talyp ýaşlara döredilýän şertler, gazanylýan üstünlikler mekdep okuwçylarda uly täsir galdyrmak bilen, olarda biziň institutymyza bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.