Barha rowaçlanýan türkmen-italýan hyzmatdaşlygy
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň esasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Perujiýa şäherindäki daşary ýurtlular üçin uniwersitetiniň rektory, professor Walerio Çezaris bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda rektorlar bu iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşukdan soň Perujiýa şäherindäki daşary ýurtlular üçin uniwersitetiniň rektory, professor Walerio Çezaris italýan dili hünäriniň talyplaryna umumy sapak geçdi. Netijeli geçen bu umumy sapak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Perujiýanyň daşary ýurtlular üçin uniwersitetiniň rektory professor Walerio de Çezaris umumy sapagyň dowamynda diňe bir ýokary okuw mekdebi hakynda däl, eýsem, Italiýanyň medeniýeti, syýahatçylyk ýerleri, bilim ulgamy barada gürrüň bermegi italýan dilini hünär dili hökmünde öwrenýän talyplara öwrenilýän daşary ýurt diliniň medeniýeti, taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Duşuşykda talyplaryň professor Walerio de Çezaris bilen sorag-jogap alyşmaklary olaryň bu dili öwrenmäge bolan gyzyklanmalarynyň, höwesleriniň ýokary derejededigini görkezdi. Bu bolsa geljekki italýan dili mugallymlarynyň kämil hünärmenler bolup ýetişjekdigine şaýatlyk edýär.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.