Barha rowaçlanýan türkmen-koreý dostlugy
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmakda ähli mümkinçilikleri döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasyny möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin özara gatnaşyklar, birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgelerine daýanýar.
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Ynsanperwer ulgam hem türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ulgamda bilim, ylym, medeniýet ugurlary boýunça yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunda iki ýurtda hem bilelikdäki dürli döredijilik çäreleriniň guralmagy, bilim maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy, ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklaryň höweslendirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň baý ruhy, maddy medeni mirasy bolup, bu ugurda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär” diýmek bilen iki döwletiň arasyndaky özara dostlukly gatnaşygy nygtaýar.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-yna Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ji Kýu Tegyň we Ilçihananyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary okuw mekdebimizde koreý milli elipbiýiniň döredilen güni mynasybetli geçirilen bäsleşik görnüşli baýramçylyk dabarasy türkmen-koreý dostlugynyň barha rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. Bu dabara koreý dili hünäriniň talyplary işjeň gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde koreý dilinde “Çeper okaýyş” bäsleşigi hem geçirildi. Oňa koreý dili hünäriniň 1-nji, 2-nji, 3-nji we 4-nji ýyl talyplarynyň arasyndan geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazanan 10 sany talyp gatnaşdy. Olar Koreýanyň meşhur şahyrlarynyň şygyrlaryny ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan hormat haty we sowgatlar gowşuryldy.