BELENT SEPGITLERIŇ NESILLERI: fransuz dili boýunça III olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan guralan fransuz dili boýunça III olimpiadanyň jemleri jemlendi. Giň dünýägaraýyşly hem-de ýiti zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda zehiniňi synamak üçin özboluşly mümkinçilige öwrüldi.

Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli okuwçylar hasaba alyndy. Olimpiadanyň ilkinji tapgyrynda gatnaşyjylar sanly ulgam arkaly fransuz dilinde özbaşdak düzme ýazyp, özleriniň döredijilikli pikirleniş ukyplaryny we ýazuw endiklerini açyp görkezdiler. Bu tapgyrda fransuz edebi diliniň kadalaryna laýyk gelýän, mazmuny boýunça baý we täsirli işler hünärmenler tarapyndan içgin seljerildi.

Bäsleşigiň halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, taýýarlyk işlerine hem-de eminler toparynyň agzalygyna Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň Roman-german dilleri we olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Alfiýa Gareýewa hem gatnaşdy. Ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň özara tejribe alyşmagy, bäsleşigiň soraglarynyň we modullaýyn ýumuşlarynyň döwrebap standartlara laýyk gelmegini üpjün etdi.

Olimpiadanyň 2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde geçirilen ikinji tapgyry gatnaşyjylar üçin hakyky synag meýdançasyna öwrüldi. Birinji tapgyrda ýokary netije görkezen 25 sany okuwçy institutyň Sanly bilim portalynda fransuz dili boýunça okaýyşa, diňlemä we grammatika degişli bolan çylşyrymly ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Berlen 90 minut wagtyň dowamynda okuwçylar diňe bir nazary bilimlerini däl, eýsem dili amaly taýdan ulanmak ukyplaryny hem açyp görkezdiler.

Iki tapgyryň umumy netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany S.A. Nyýazow adyndaky 43-nji orta mekdebiniň okuwçysy Leýla Jumageldiýewa Baş baýraga mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň 27-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ramina Gasanowa 1-nji orna, şol mekdebiň okuwçysy Bahar Ataýewa hem-de Aşgabat şäheriniň 49-njy orta mekdebiniň okuwçysy Aýperi Wepalyýewa 2-nji orna eýe boldular. Mary şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Gunça Atajanowa, Daşoguz şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Kamilla Ýusupowa hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Baýramhan Çapau 3-nji orna mynasyp boldular.

Ýeňijiler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomlary we ýadygärlik sowgatlary bilen dabaraly ýagdaýda sylaglandylar. Şeýle hem, zehinli ýaşlary kemala getirmäge uly goşant goşan mugallymlara institutyň Hormat hatlary gowşuryldy. Bu bäsleşik ýaşlaryň ylym-bilime bolan höwesini has-da artdyryp, olary täze sepgitlere we geljekki üstünliklere ruhlandyrdy.