Bilimde halkara hyzmatdaşlygy: Kembrij okuw sapary
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleriniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Kembrij şäherine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek hem-de olary ýurdumyzyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak maksady bilen guralýan okuw sapary dowam edýär.
Hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar birnäçe ugur boýunça okuw sapaklaryna, seminarlara hem-de tejribe alyşma çärelerine gatnaşýarlar. Hususan-da, gatnaşyjylar:
- PRESETT ulgamynda ýolbaşçylyk we strategik meýilnamalaşdyrma boýunça häzirki zaman çemeleşmeleri;
- iňlis dilini öwretmegiň kommunikatiw we şahsyýete gönükdirilen usullary, şeýle hem sapakda olaryň ulanylyş aýratynlyklary boýunça tejribe alyşmak;
- mugallymlaryň hünär ösüşi we dowamly okuw modeli (CPD) boýunça guramaçylyk we dolandyryş tejribeleri bilen tanyşmak;
- okuw maksatnamalarynyň gurluşy, mazmuny we netijeliligini bahalandyrmak boýunça usullara syn etmek;
- sanly okuw platformalaryny, interaktiw usullary we emeli aň tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak;
- okuw prosesine syn bermek (observasiýa) arkaly sapaklaryň gurluşy, okatmagyň usulyýeti, okuw serişdeleriniň peýdalanylyşy we bilim netijeleriniň gazanylyşy boýunça amaly tejribe toplamak;
- CEFR (The Common European Framework of Reference for Languages — daşary ýurt dili boýunça bilim derejesini bahalandyrmagyň Umumy Ýewropa ulgamy) çemeleşmesini ulanmak arkaly dil okuw maksatnamalarynyň gurluşyny döwrebap pedagogik ýörelgeler bilen sazlaşdyrmagyň, dört esasy dil başarnygynyň (diňläp düşünmek, okamak, gürlemek, ýazmak) ösüşini ulgamlaýyn ölçemek hem-de bahalandyrmak serişdelerini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşmak çärelerini öz içine alýar. Netijede, okuw saparynyň dowamynda gatnaşyjylar häzirki zaman pedagogik çemeleşmelerini we okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de halkara tejribä esaslanýan dil okatmagyň usullaryny öwrenmäge gönükdirilen çäreleriň giň toplumyna gatnaşýarlar.


