BILIMDE HALKARA HYZMATDAŞLYK
2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-12-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Britan Geňeşiniň Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen AELLCA bilim taslamasynyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahaty geljekki iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň (PRESETT) we iňlis dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň (INSETT) maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de iňlis dilini okatmagyň usulyýetini ösdürmäge gönükdirildi. Okuw maslahatyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylara kommunikatiw çemeleşmä esaslanýan dil öwretmegiň ýörelgeleri, söz aýdylyşy öwretmegiň usullary, dil başarnyklaryny ösdürmek, grammatikany kontekstde öwretmek, şeýle hem okuwçylaryň dürli derejelerine laýyklykda sapaklary meýilleşdirmek boýunça amaly okuwlar geçirildi. Mundan başga-da, Ýewropa Geňeşiniň Diller boýunça umumy Ýewropa çarçuwaly maksatnamasyna (CEFR) laýyklykda dil öwretmegiň netijelerini kesgitlemek, PRESETT maksatnamasynyň okuw gollanmasynyň mazmunyny we gurluşyny kämilleşdirmek, okuw maksatnamalary bilen bahalandyrmagyň özara sazlaşygyny üpjün etmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. INSETT maksatnamasynyň çäklerinde bolsa mugallymlary okatmagyň we taýýarlamagyň aýratynlyklary, mikro-sapaklary geçirmek, sapaklara seljerme bermek, görkezmeleri anyk we düşnükli beýan etmek hem-de taýýarlaýyş maksatnamalarynda amaly çäreleri kämilleşdirmek boýunça okuwlar guraldy.
Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar we PRESETT hem-de INSETT maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tekliplerini beýan etdiler.
Bu okuw maslahaty iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmakda, mugallymlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Okuw maslahatynyň jemleri boýunça oňa gatnaşan mugallymlara degişli sertifikatlar gowşuryldy. Bu bolsa olaryň hünär taýdan kämilleşmegine we okatmagyň döwrebap usullaryny özleşdirmegine, şeýle hem gazanylan tejribeleri bilim ulgamynda netijeli peýdalanmagyna möhüm itergi berer. Çünki mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň hünär başarnyklaryny yzygiderli ösdürmek we bilim bermegiň hilini kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzyň halkara bilim hyzmatdaşlygyny belent sepgitlere çykarmakda yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri diňe rowaçlyklara beslensin.


