Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim hyzmatdaşlygy işjeňleşýär

2025-nji ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda dürli derejeli çärelerdir okuw-usuly sapaklar, duşuşyklar, usulyýet maslahatlar giň gerime eýe bolýar.

Ilki bilen, halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetiniň Global zehinleriň ulgamy merkeziniň müdiri jenap Lee Min Heeniň saparynyň dowamynda «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäginde ýokary okuw mekdebimiziň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň taýýarlygyň pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyplarynyň, Aşgabatdaky Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň diňleýjileriniň we Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen koreý dili boýunça ýazuw bäsleşigini bellemek zerurdyr. Bu bäsleşik Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýändir.

Koreý dili boýunça ýazuw bäsleşiginiň esasy maksady koreý dilini öwrenijileriň dürs ýazuw endiklerini we olaryň koreý dilinde erkin gürlemäge bolan başarnygyny kämilleşdirmekden, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat bolup, bäsleşige gatnaşyjylar 1-nji tapgyrda koreý dilinde berlen temalar boýunça düzme ýazmakda bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýazan düzmesiniň many we grammatik aýratynlyklaryna görä tapawutlananlar bäsleşigiň 2-nji tapgyryna geçdi. Bäsleşige gatnaşyjylar 2-nji tapgyrda düzmäni ýatdan aýdyp bermek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň taýýarlygyň pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň
3-nji ýyl talyby Nuraý Meredowa I orna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň taýýarlygyň pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň 1-nji ýyl talyby Selbinyýaz Ataniýazowa we Aşgabatdaky Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň diňleýjisi Gülnabat Ataýewa II orna, Aşgabatdaky Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň diňleýjileri Meýlis Islimow we Olga Permanowa III orna mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetiniň bilelikdäki Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Mundan başga-da, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetiniň mekdebe çenli bilim boýunça professory we akademiki senatynyň senatory Johanna Mierendorff institutyň nemes dili mugallymlary üçin usulyýet maslahatyny geçdi. Professor Johanna Mierendorff usulyýet maslahatyň dowamynda çagalaryň ösüş döwri, sosial pedagogikanyň  öwrenilişi, çaganyň we maşgalanyň sazlaşykly ösmegini gazanmakda we ösüp gelýän ýaş nesle bilim bermekde tärleri we usullary oýlap tapmagyň wajyplygy, çagalaryň sapaklardan boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri üçin kitaphanalarda öwrediji we bilim beriji ähmiýetli gyzykly çäreleri geçirmegiň ähmiýetlidigi barada belläp, özüniň usuly maslahatlaryny berdi. Bu usulyýet maslahaty ýokary okuw mekdebimiziň nemes dili mugallymlary üçin örän täsirli boldy.

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty, şeýle hem onuň çäginde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilýän dürli derejeli çäreler halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ylym-bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga mümkinçilik döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletiniň ösüş ýolunyň barha ösýändigini aýdyň görkezýär.