DIL – HALKLARY BIRLEŞDIRÝÄN RUHY KÖPRI

Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýaş nesliň ylym-bilime bolan höwesini artdyrmaga, halkara dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de dil öwrenmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen nobatdaky “Koreý diliniň suhangöýlük sungaty” atly bäsleşik geçirildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Kangwon milli uniwersiteti bilen bilelikde guramagynda uly ruhubelentlige beslenip geçirilen bu döredijilik bäsleşigi iki ýurduň arasyndaky medeni-bilim baglanyşyklarynyň has-da berkeýändigini görkezýär. Özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalaryň çäginde durmuşa geçirilýän şeýle giň gerimli çäreler ýaşlaryň intellektual ösüşine uly goşant goşýar.

Bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýörite okuw merkezleriniň diňleýjileri hem-de orta mekdepleriň zehinli okuwçylary işjeň gatnaşyp, özleriniň dil başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bu bolsa, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini, dil öwrenmegiň medeniýetleri birleşdirýän hem-de ruhy taýdan ýakynlaşdyrýan iň ygtybarly köprüdigini aýdyň görkezýär.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar koreý dilini öwrenmegiň ähmiýeti, bilim ulgamyndaky döredilýän täze mümkinçilikler we döwürleri baglanyşdyrýan dostlukly gatnaşyklar baradaky çykyşlary ýerine ýetirdiler. Sahna çykyşlarynda ýaşlaryň çeper okaýyş ussatlygy, sahna medeniýeti we dil baýlygy emin agzalary tarapyndan adalatly bahalandyryldy. Şeýle hem bäsleşigiň dowamyndaky milli tanslar we baý mazmunly çykyşlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Emin agzalarynyň adalatly netijelerine görä bäsleşikde 1-nji orna Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebiniň 12-nji “B” synp okuwçysy Leýli Babanyýazowa, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň öwrenijisi Aýnur Eýýamberdiýewa, 3-nji orna bolsa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili ugrunyň 3-nji ýyl talyby Leýli Ergeşowa mynasyp bolup Hormat hatlary bilen sylaglandylar we Koreýa Respublikasyna okuw saparyna gitmäge mümkinçilik gazandylar. Bäsleşikde işjeňlik görkezip tapawutlanan gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny dost-doganlyk ýollarynda ösüşli menzillere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.