“Dilleri öwrenmek – halklaryň dostlugyny berkitmek” atly duşuşygy
Aşgabat şäherinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşan Koreýa Respublikasynyň Kangwon uniwersitetiniň professory Lee Minhi bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili hünäriniň professor mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň bilim ulgamynda gazanýan netijelerine, koreý dilini öwrenmegiň, dil biliminiň we bu ugurda Koreýa Respublikasynyň gazanan tejribesini öwrenmek maksady bilen “Dilleri öwrenmek – halklaryň dostlugyny berkitmek” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda professor Lee Minhi ilkinji gezek Türkmenistana gelendigini, mermer şäher Aşgabadyň gözelligini we arassalygyny wasp etdi. Şeýle-de Kangwon uniwersiteti hakynda giňişleýin tanyşdyrmak bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň hem Kangwon uniwersitetinde öz okuwlaryny dowam etdirip bilýändiklerini nygtady. Duşuşygyň dowamynda talyplar özleriniň gyzyklanýan soraglaryny berip professor bilen ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirdiler.