Dost-doganlyga ýugrulan edebi duşuşyk
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň binasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pars dili hünäriniň mugallymlarydyr talyplarynyň gatnaşmagynda “Pars şygryýeti we edebiýatynyň güni, şeýle hem Eýranyň beýik şahyry Ussat Şähriýary ýatlamak” dabarasy geçirildi. Bu dabara Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň diňleýjileri hem işjeň gatnaşdylar. Çäräniň açylyşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Nawid Rasuli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri Sona Annaýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýakyn gündogar dilleri kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. Bahar Atanyýazowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ylym, bilim we medeni ulgamlarda alyp barýan dostana we parahatçylykly, goňşuçylyk gatnaşyklary babatda, dil öwrenmegiň ähmiýeti, onuň halklaryň özara gatnaşygynda birek-birege ynanyşmagyň, hormat goýmagyň iň ygtybarly we bähbitli serişdesi hökmünde hiç döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmän gelýändigini nygtadylar.
Çykyş edenler türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öz mähriban halky, onuň mukaddeslikleri barada täsirli söz bilen gürrüň berýän “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eseriň pars diline terjime edilmegi goňşy döwletiň, onuň halkynyň Türkmen halkynyň Milli Liderine, türkmen halkyna goýýan uly sylag-hormatyndan nyşandygyny belläp geçdiler.
Çykyşlardan soň talyplar we diňleýjiler özleriniň döredijilik ussatlyklaryny görkezip, pars dilinde Magtymgyly Pyragynyň, Şähriýaryň, Iraj Mirzanyň we beýleki şahyrlaryň goşgularyny pars dilinde okadylar, aýdym aytdylar hem-de sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Şeýle-de, bu çärede Muhammet Hoseýn Şahriýaryň suratyny çekmek boýunça ýaryş geçirildi.
Umuman, “Pars şygryýeti we edebiýatynyň güni, şeýle hem Eýranyň beýik şahyry Ussat Şähriýary ýatlamak” çäresi gatnaşanlara öz täsirini ýetirip, pars dilini öwrenmekde diňe bir pars edebiýatyny däl, eýsem pars dilinde ýazan türkmen şahyrlarymyzyň hem baý edebi mirasyny öwrenip, halkyň ruhuna ýugrulan ol eserleri ylmy taýdan jemgyýetçilige ýetirmekde, Gündogaryň dana şahsyýetleriniň döredijiligini ýaş nesillere elýeterli etmekde itergi berer diýip umyt edýäris.