Dost-doganlygyň dabaralanmasy

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilýän II halkara matematika olimpiadasy ýurdumyzda guralýan halkara bäsleşikleriň we geçirilýän ders olimpiadalarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny şertlendirýär.

Munuň şeýledigine olimpiada gatnaşan doganlyk ýurtlaryň wekilleriniň buýsançly sözleri-de güwä geçýär.

Wanatur ŞERENTS,

Ermenistan Respublikasynyň Şirakasi adyndaky Halkara ylmy-okuw toplumynyň diplom maksatnamasynyň talyp ýolbaşçysy:

- Meniň öz okuwçylarym bilen Türkmenistan döwletine ilkinji gezek gelişim. Siziň şeýle täsin hem ajaýyp ýurduňyz meni juda haýran galdyrdy. Biziň dilimizde, medeniýetimizde, dünýägaraýşymyzda kybapdaşlyk iňňän kän. Ermeni halkynyň hem türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny söýüp okaýandygyna, onuň döredijiligini öwrenýändigine aýratyn üns çekesim gelýär.

Mekdep okuwçylarynyň II halkara matematika olimpiadasy ýokary derejede gurnalypdyr. Olimpiadanyň açylyş dabarasyny we onda ýaňlanan her ýurduň milli sazlaryny aýratyn belläsim gelýär.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlar üçin ýurduň medeniýetini, durmuşyny ýaýbaňlandyryp görkezýän gyzykly meýilnama düzülipdir. Düýn “Ylham” seýilgähinde türkmeniň taryhynda yz goýan beýik şahsyýetleriň ýadygärlikleri bilen tanyşdyk. Soňra Türkmenistanyň Döwlet sirkinde dünýä belli ahalteke bedewleriniň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa etdik.

Bu olimpiada, elbetde, türkmen we ermeni halklarynyň we biziň döwletlerimiziň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrar.

Hasan ALGHAMDI,

Saud Arabystany Patyşalygynyň Bilim ministrliginiň hünärmeni:

- Biz Saud Arabystany Patyşalygyndan mekdep okuwçylarynyň II halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldik. Olimpiada diýseň guramaçylykly, ýokary taýýarlykly, adalatly geçirilýär. Olimpiada tiz pikirlenmegi başarýan ýaş matematikleri ýüze çykaryp, olary bilim dünýäsinde täze üstünliklere ruhlandyrar. Paýtagt şäher Aşgabadyň owadanlygy we arassalygy haýran galdyrýar.

Bu olimpiadanyň ýokary guramaçylyk esasda geçmegi ugrunda edýän aladalary üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine sag bolsun aýdýaryn.

Limin XIA,

Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Lanjou şäheriniň orta mekdebiniň mugallymy:

- Men Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýärin. Bu mende ýakymly täsir galdyrdy. Türkmen we hytaý ýaşlarynyň gün-günden matematika bolan höwesleriniň artmagy meni diýseň begendirýär. Şeýle halkara derejede geçirilýän bäsleşikler iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge uly ýardam berýär. Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlugyň, özara gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar. Taryhy köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklary häzirki wagtda hil taýdan täze mazmuna eýe bolup, üstünlikli ösdürilýär.

Goý, türkmen-hytaý dostlugy ebedi bolsun!