Dostlukdan nyşan
17-nji sentýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň çäginde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagatyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektorynyň gatnaşmagynda bag ekmek çäresi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýan planetanyň ýaşyl geljegini öňe sürmek üçin döredilen #Plant4Mother başlangyjynyň bir bölegi hökmünde guralan bu çäre halkymyzyň taryhy tejribesine esaslanýandygyny bellemelidiris. Çünki asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz bagy, ekinzarlygy berekediň, eşretli durmuşyň egsilmez çeşmesi hasaplapdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yhlas siňdirilip ýetişdirilýän agaç nahallary eziz Diýarymyzyň gür baglyga öwrülmegini şertlendirýär.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek tebigaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalary, düzümleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurdumyz häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli, köptaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Mundan başga-da ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryň hem köpüsine goşulandyr.
Ýurdumyzyň geljek nesilleri üçin şeýle uly aladalar edýän, dünýäde alnyp barylýan ekologik abadançylygy ugrundaky işlere uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun alyp barýan il bähbitli bütin adamzat ähmiýetli döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
17-nji sentýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň çäginde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagatyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Begençewiç Çaryýewiň gatnaşmagynda bag ekmek çäresi geçirildi.
Bu çäre Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýan planetanyň ýaşyl geljegini öňe sürmek üçin döredilen #Plant4Mother başlangyjynyň bir bölegi hökmünde guraldy.