Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilermeniniň Beýik Britaniýanyň bilim ulgamyny öwrenmäge sapary
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilermeni Myrat Mälikow 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwaryndan 1-nji fewraly aralygynda Angliýanyň Norwiç şäherindäki Norwiç Bilim instituty (NILE) tarapyndan guralan hünär derejesini kämilleşdiriş maksatnamasyna gatnaşdy.
Merkezi Aziýadan gelen 26 mugallymyň gatnaşmagynda geçirilen bu maksatnama Britaniýanyň bilim ulgamyny, mekdepleriň dolandyrylyşyny we inklýuziwligi ösdürmegiň strategik ýollaryny içgin öwrenmäge niýetlenen.
Maksatnamanyň dowamynda bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, mekdepleri goldamak we aýratyn okuw zerurlyklary bolan okuwçylara kömek etmek boýunça interaktiw sapaklar geçirildi. Aýratyn zerurlyklary bolan okuwçylaryň işlerini utgaşdyrýan ýörite koordinatorlaryň (utgaşdyryjynyň) (SENCO) iş tejribesi boýunça geçirilen tanyşdyrylyş sapaklary hem-de “Bilim, saglyk we ideg meýilnamasy” (EHCP) we Alternatiw tejribä (AP) esaslanýan netijeli çemeleşmeler bilen tanyşdyryldy.
2025-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 8-nji fewraly aralygynda bolsa institutyň bilermeni hünär derejesiniň we ýokary okuw mekdebiň bilimi ösdürmek baradaky borçnamasynyň bir bölegi hökmünde Nottingem Trent Uniwersitetinde (NTU) “Iňlis dili we inklýuziwlik” taslamasyna gatnaşdy. Bu taslama mugallymlary inklýuziw okuw usullaryndan habarly etmek, dürli okuwçylary goldamak we iňlis dili biliminde deňligi ösdürmek barada düşünje bermegi öz içine alýar.
Taslamanyň çäklerinde inklýuziw synpy dolandyrmagyň amaly usulyýetlerini öz içine alýan okuw sapaklaryna we treninglere, bu ugurdan iş alyp barýan hünärmenleriň umumy sapaklaryna, inklýuziw bilim berlişini synlamak we öwrenmek üçin uniwersitetde alnyp barylýan sapaklara gatnaşmak, Beýik Britaniýanyň we Merkezi Aziýanyň mugallymlarynyň arasynda umumy pikir alyşmalar ýaly çäreler gurnaldy.
Bu taslama institutda iňlis dilini öwretmegi we inklýuziwligi gowulandyrmak, dürli derejeli okuwçylaryň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek maksatlaryna laýyk gelýär. Onuň netijesinde alnan bilimler bolsa bar bolan okuw çemeleşmelerimizi ösdürmekde gymmatly çeşme bolar.