Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygyna
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda özüniň parasada ýugrulan edebi mirasy bilen, diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem umumadamzada, ylmyň we parasadyň hiç tükenmeýän çeşmesi bolan Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli “Azady – ylmyň, parasatyň öýjügi” atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahatyň öňünde goýan maksadyna ýetmegi we mazmunynyň ylmy esasda giňişleýin açyp görkezilmegi üçin, bu ugurda beýik dananyň eserleriniň her bir sahypasyny inçelik bilen öwrenip, okap, seljeren alymlar, öz garaýyşlaryny beýan etmek üçin gatnaşdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyndan gatnaşan alymlar we institutyň professor mugallymlary Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynda: “Azady – ylmyň, parasatyň öýjügi. Ol yslam kada-kanunlaryndan hem, türkmençilik kada-kanunlaryndan hem örän gowy baş çykarypdyr. Onuň parasatyny, şu ýokarda getirilen sözüni hem islendik ylym, islendik medeniýet, islendik ýol-ýörelge, şol sanda yslam hem diňe dogry tapyp, oňlap biler.” (Ö.manysy 324) diýip, beýan edýän jümleleriniň aýdyň subutnamalaryny açyp görkezdiler.
Sebäbi, ynsan köňlüni ýykmagyň mukaddes Käbäni weýran etmekden müň mertebe ýamandygyny il-güne wagyz eden Azadynyň bu döwletli ýörelgelerini dowamat-dowam etjek nesilleri terbiýelemek biziň, aýratynam bu beýik dananyň adyny göterýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor mugallymlarynyň esasy wezipesidir we mukaddes borjudyr.
“Azady – ylmyň, parasatyň öýjügi” atly dabaraly maslahata gatnaşyjylar pähim-parasadyň çeşmesi bolan beýik türkmen danasynyň ynsanlaryň kalplarynda mähir-şepagaty, ynsanperwerligi, adalatlylygy, giň ylmy dünýägarýşy we yhsanlylygy kemela getirýän edebi mirasyny öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýtdylar hem-de türkmeni, türkmeniň döreden, pelsepesi esasynda, ýene bir gez belende galdyrýan, abraýyny dünýä ýaýýan, Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, dünýä halklarynyň agzybirligine we parahatçylygyna ýol açýan döwletli gadamlarynda diňe rowaçlyklar arzuw etdiler.