“Emeli aň” – adamzat aňynyň kämil önümi

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen “Bütindünýä media we sowatlylyk hepdeligi” mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyplaryň arasynda Dilleri öwrenmekde emeli aňyň ähmiýeti atly media bäsleşigi geçirildi.

Ýurdumyzda ilkinji açylan “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO Klubynyň geçiren taslama bäsleşigine uly gyzyklanma bildirip gatnaşan ýaş zehinli, dilçi ýaşlar özleriniň döredijiligi, ajaýyp pikirleri hem-de emeli aňyň kömegi bilen dünýä dillerini öwretmegiň häzirkizaman ülňülerine laýyk geljek, ähli ýaşdaky adamlar üçin niýetlenen dil öwrediş amallarynyň özboluşly we täsin, şonuň bilen bir hatarda ýokary netijäni berjek taslamalaryny hödürlediler.

2021-nji ýyldan bäri dünýäniň ýaş zehinlerini we alymlaryny bir ýere jemleýän “Global Media we Maglumat sowatlylygy hepdesi” dünýäniň dürli künjeginden gyzyklanýan taraplary pikir alyşmak, metbugat we maglumat sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň innowasion ýollaryny öwrenmek üçin ajaýyp meýdança bolup hyzmat edýär.

Bu hepdeligiň şu ýylky temasy “Maglumatyň täze sanly serhedi: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat we sowatlylyk” diýip atlandyrylýar. Önümçilikde emeli aň we sanly mazmun döredijileriniň indiki nesli ýaly ösen tehnologiýalaryň jemgyýetiň peýdasyna maglumat öndürmekde we ýaýratmakda, mümkinçilikleri we töwekgelçilikleri görkezip, üýtgeýän täsirini öwrenýär.

Global media we maglumat sowatlylygy hepdeligi 2024-nji ýylda çalt üýtgeýän sanly peýzaža uýgunlaşmak, ulanyjylara gyzyklanma bildirýän maglumatlary onlaýn kesgitlemek we baha bermek üçin zerur endikleri bermegi möhüm meselesi edip alýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem dilçi ýaşlary we ýaş alymlary bilen emeli aňyň dilleri öwretmekde ähmiýetini açyp görkezýän media hepdeligini yglan etdi. Oňa dilçi ýaşlar, institutyň Ýaş alymlar merkeziniň we “Parahatçylyk dilleri” ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary öz döreden media maglumaty, emeli aňy ulanmak arkaly düzen platformasy bilen gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşýanlar, ene dilimizde we hünär dilinde öz düzen maglumatyna gysgaça häsiýetnama berip, onuň doly mazmunyny media hepdeligiň jemlerine gatnaşyjylara giňişleýin düşündirdiler. Bäsleşigiň netijesinde tapawutlanan ýeňiji ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň şahadatnamasyna we ýadygärlik sowgadyna mynasyp boldy.

Media hepdeligine gatnaşan dilçi ýaşlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda döredijilikli zähmet bilen meşgullanmaga, dünýä dillerini ösen tehnologiýalar arkaly kämil öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri we edýän taýsyz tagallalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyza, belent mertebeli Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.