“Filologiýanyň meseleleri” atly elektron žurnalynyň ikinji sany barada

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşleriň belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özgertmeleri, halkymyzyň gadymdan gelýän baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen ylmynda gazanylanlary wagyz etmek, dünýä ýaýmak hem-de Alym Arkadagymyzyň: “Biziň eşretli hem-de bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýen sözlerinden ruhlanyp, ýaşlary ylma ugrukdyrmak, talyplaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, ýaş alymlaryň döredijilikli gözleglerine hemaýat etmek, olary ylmy-barlag işlerine höweslendirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim we ylym ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen  döredilen “Filologiýanyň meseleleri”  atly elektron ylmy žurnalyň ikinji sany  hem öz okyjylaryna gowuşdy.

 Žurnalyň bu sanynda jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň,  dil biliminiň, edebiýaty öwreniş ylymynyň, lingwodidaktikanyň, pedagogikanyň wajyp meselelerine bagyşanan ÝUNESKO-nyň  işleri  barada  Türkmenistanyň  Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar  Rüstemowanyň “Türkmenistan - ÝUNESKO: köpugurly hyzmatdaşlyk işjeňleşýär”, Türkmenistanyň  Mejlisiniň  Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar  syýasaty baradaky  komitetiniň  başlygy Bahar Seýidowanyň “Ýaşlar baradaky alada röwşen geljegiň kepilidir”, Türkiýe Respublikasynyň Jelal Baýar adyndaky Manisa  uniwersitetiniň Ynsan gatnaşyklaryny we jemgyýeti  öwreniş ylymlary fakultetiniň dekany, filologiýa  ylymlarynyň doktory, professor Aýşe Ilkeriň “Türkiýede türkmen diliniň öwrenilişi”, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň  Martin  Lýuter  adyndaky  Galle-Wittenberg uniwersitetiniň  professory Johanna Mierendorfyň “Çagalyk, çagalygy öwrenmek boýunça barlaglaryň usullary: gysgaça giriş” atly makalasy, şeýle-de  ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň  ylmy işgärleriniň, professor-mugallymlarynyň, ýaş alymlarynyň  ylmy-usuly makalalary, talyplaryň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlap düzen şygyrlary ýerleşdirildi. 

Ýurdumyzyň bilim we ylym edaralarynyň işgärlerini, mugallymlaryny, ýaş alymlaryny we talyplaryny elektron žurnalyň işine işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.