“Halkara hytaý dili” güni mynasybetli dabara geçirildi
Dünýäniň ýurtlary, şol sanda Aziýa sebitiniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol ýurtlaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy aýratyn orun eýeleýär. Bu döwlet bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ýola goýuldy. Türkmenistan bilen Hytaý iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. Bu hyzmatdaşlyk köpýyllyk oňyn tejribä we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere daýanýar.
Bilim babatda türkmen-hytaý gatnaşyklarynda dilleri okatmak meselesine aýratyn orun degişlidir. Hytaý dili ösen hytaý medeniýetiniň dünýä aralaşmagy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň birine öwrüldi. 2010-njy ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasy her ýylyň aprel aýynyň 20-sini “Hytaý dili” güni diýip yglan etdi. Bu sene Hytaý Halk Respublikasynyň aý kalendary boýunça 24 sany möwsümiň içinde “Guyu” möwsümine, ýagny bugdaý ekmek möwsümine, şol bir wagtyň özünde-de bu sene rowaýatdaky “Iýeroglifleriň atasy” hasaplanylýan Tsaň Jiýeniň iýeroglifleri döreden gününe gabat gelýär. Köp ýyllardan bäri Birleşen Milletler Guramasynda we dünýäniň ähli ýerlerinde “Halkara hytaý dili” güni mynasybetli hytaý diliniň we medeniýetiniň aýratynlygyny, onuň gadymylygyny beýan edýän ençeme medeni çäreler geçirilýär.
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde gurnamagynda ýokary okuw mekdebimizde “Halkara hytaý dili” güni mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hytaý dili boýunça geçirilen “Suhangöýlik” bäsleşiginiň jemleýji dabarasy geçirildi.
Şu günki “Suhangöýlik” bäsleşigi “Bütin dünýä bir maşgala” atly tema bagyşlanyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen utgaşyp gitdi.
Bäsleşigiň netijesinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň taýýarlygyň pedagogika bilimi (hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň 3-nji ýyl talyby Şirin Muhammetgurbanowa I orna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Sabina Şöhratjanowa we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň 3-nji ýyl talyby Nigora Kurbanowa II orna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň taýýarlygyň ätiýaçlandyryş işi ugrunyň 2-nji ýyl talyby Soltan Nurmämmedowa we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň taýýarlygyň pedagogika bilimi (hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň 3-nji ýyl talyby Amandursun Geldimyradowa III orna mynasyp boldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar wagtyň synagyndan geçen türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň berk binýadyny goýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, köpasyrlyk taryhy bolan bu hyzmatdaşlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de batly depginlerde ösdürilmegi ugrunda alyp barýan asylly işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Goý, türkmen-hytaý dostlugy baky bolsun!