HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanda innowasion ösüşlere, bilim ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly bilim standartlaryny we daşary ýurt dillerini innowasiýalar esasynda okatmagy kämilleşdirilmek, ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatynda toplanan oňyn tejribelerden ugur alnyp, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň milli we halkara derejedäki maksatnamalaryna we ynsanperwer daşary syýasatyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dil bilimi, pedagogika boýunça görnükli alymlary, dünýä belli pedagoglary we ylmy işgärleri myhmansöýer türkmen topragynda birleşdirýän, türkmen milli bilim ulgamynyň gazananlaryny dabaralandyrýan hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýan  «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň  açylyş dabarasy hem-de  umumy mejlisi geçirildi.

          «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisiniň açylyş dabarasynda  Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Begençewiç Çaryýew   «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy – Gahryman Arkadagymyzy we dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

Halkara ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, talyp ýaşlary bilen bir hatarda, iri halkara syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň we dünýäniň abraýly ylym-bilim merkezleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de, Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýa, Italiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy, Belarus Respublikasyndan, Türkiýe, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasyndan, Hindistan, Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan, Taýland Patyşalygyndan, Özbegistan we beýleki ýurtlardan tanymal dilçi alymlar, görnükli bilim işgärleri, halypa professor-mugallymlary ýygnandylar.

Açylyş dabarasynda ilki bilen, Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen, Taýland Patyşalygynyň Şinawatra uniwersitetiniň rektory Zhou Fei, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Nottingam Trent uniwersitetiniň professory Martin Sewiour, Hindistan Respublikasynyň Iňlis we daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory, pedagogika ylymlarynyň doktory, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medalyň eýesi Abhaý Maurýa Kumar, Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň prorektory, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Russiýanyň bilim akademiýasynyň akademigi Tatýana Wladimirowna Kortawa, Özbegistan Respublikasynyň Täze Özbegistan uniwersitetiniň  terbiýeçilik işleri boýunça prorektory, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Hilola Bahadirowna Nazirowa, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin daşary ýurt dilleri – maglumat tehnologiýalary uniwersitetiniň Ylmy barlaglar we okuw usuly institutynyň direktory, professor Nguýen Ngok Wu, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň professory, pedagogika ylymlarynyň doktory Johanna Mierendorff, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde döwürleýin neşir edilýän «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow çykyş etdiler.

Umumy mejlisde çykyş eden alymlar, professor-mugallymlar Bitarap Türkmenistanda Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň esasynda halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini, sebitde we dünýäde stragetik hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler, şol sanda häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan geçirilýän «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň döwletara gatnaşyklarynda, halklary bitewileşdirmekde oňyn çözgüde eýe bolýandygyny bellemek bilen daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek we  innowasion tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi bilen baglanyşykly temalardan çykyş etdiler.

«Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary« atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň işi “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmekde ýetilen sepgitler”, “Dilleri okatmagyň lingwodidaktik esaslary”, “Dilleri öwretmegiň döwrebap usullary we tehnologiýalary”, “Daşary ýurt dillerini okatmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň çäklerinde dilleri okatmagyň usulyýetiniň wezipeleriatly bölümleriň bäşisinde alnyp barlar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamyny we ýaşlar syýasatyny ösdürmek bilen, halkara tejribesini öwrenmek bilen ylmy garaýyşlary alyşmaga, häzirki zaman şerlerine laýyklykda bilimiň we ylmyň hil hem-de mazmun derejesini halkara derejesinde dabaralandyrmakda durmuşa geçirýän tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine jan-saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowana ýollarda üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Dabara bilen ugurdaş Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň eýwanynda kitap hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy.

Halkymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzdan düzülen sergide ata-babalarymyzyň ruhy siňen ajaýyp durkuny görmek bolýar. Şeýle-de, giň eýwanda sergilenen ussat halypa suratkeşleriň nakgaş, heýkel we keramiki eserleriniň birnäçesi mynasyp orny eýeleýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň bezegi bolan şaý-sepleriň, bilezikdir bukawlaryň, halylarymyzyň millilik gymmaty guralan sergide özboluşly täsiri emele getirdi. Bu eserlerde şöhratly taryhymyz, milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz täze öwüşginde şöhlelendirilýär.

Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günümize peşgeş beren eserleri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary, şeýle hem türkmen medeniýetine we sungatyna degişli gollanmalar, daşary ýurt dilinde çap edilen neşirler gelenlerde kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy.

Şeýle-de, serginiň çäginde guralan dünýä döwletleriniň tebigy aýratynlyklaryny beýan edýän görnüşler dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

 Şonuň ýaly-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Altyn miras” medeni merkeziniň dutarçylar topary, aýdymçylary  tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, berkarar Watanymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, türkmen ýaşlaryny wasp edip ýerine ýetirilen aýdymlar, ýokary okuw mekdebinde hünär dili hökmünde öwrenilýän dilleriň halklarynyň aýdymlarydyr tanslary halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.