Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Garaşsyz Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň gatnaşyklarynyň 30 ýyldan gowrak taryhynyň dowamynda iki ýurduň halklary üçin taryha, medeniýete we däp-dessurlara degişli köp sanly gyzykly sahypalar açyldy. Dürli ugurlar boýunça ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň birek-biregi ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.  

Beýik Britaniýanyň Dașary ýurtdaky meýletinçilik gullugynyň (VSO) Global tehniki ýolbașçysy Kumar Șrestan we Global tejribe ýolbasçysy Joýs Leýker 2025-nji ýylyň               28-nji ýanwarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyna gelip, institutyň ýolbaşçylary, iňlis dili kafedralarynyň müdirleri we iňlis dili mugallymlary bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanda iňlis dilini okatmagy ösdürmek, daşary ýurt dili mugallymlaryny hünär taýdan kämilleşdirmegiň döwrebap ýollary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Beýik Britaniýa bilen ýurdumyzyň ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de bu hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.