Kämilligiň berk binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň çäginde abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyk barha pugtalanýar.
Ata Watanymyzda geçirilýän mekdep okuwçylarynyň II halkara matematika olimpiadasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň zehinli okuwçylary we dünýäniň dürli döwletlerinden gelen ýaşlar bilen bir hatarda, olimpiada gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen myhmanlary ýokary derejede garşylamak maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan hem daşary ýurt dillerini bilýän tejribeli meýletinçi hem-de terjimeçi mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşýarlar. Munuň özi bu ugurda özara pikir we tejribe alyşmaga ýakyndan ýardam berýär.
II halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurt wekilleri özleriniň buýsanç kelamlaryny beýan etdiler.
Ali Reza Araste
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili
- Meniň II halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak üçin Türkmenistan döwletine gelmegim ýatda galyjy wakalaryň biri bolar. Çünki matematika dersi döwletleriň ösüş binýady bolup durýar. II halkara matematika olimpiadasy dürli milletleriň wekilleriniň bir ýere jemlenmegine sebäp boldy.
Türkmen-eýran gatnaşyklary barada aýdanymda deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýlan bu gatnaşyklar häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Türkmen we eýran halklarynyň dostlukly gatnaşyklary öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýtmak bilen, bu halklary taryhyň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň umumylygy birleşdirýär.
Biz Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Daşary işler ministrliginiň wekili hökmünde ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem çuňlaşmagyny umyt edýäris.
Netijeli ikitaraplaýyn türkmen-eýran hyzmatdaşlygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa köp sag bolsun aýdýaryn.
Biziň şygarymyz: “Ýaşasyn Eýran we Türkmenistan dostlugy!”
Mohammad Raei
Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Räzäwi welaýatynyň wekili
- Men Türkmenistan döwletine gelendigime buýsanýaryn we begenjimiň çägi ýok. Munuň üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine tüýs ýürekden buýsanjymy beýan edýärin. Türkmen halkynyň myhmansöýerligine, mähirliligine haýran galýaryn. Men dünýäniň köp ýurtlarynda iş saparlarynda boldum, tejribeler alyşdym.
II halkara matematika olimpiadanyň geçirilmegi dürli milletleriň medeniýetlerini ýakynlaşdyrýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu olimpiada halklaryň arasynda ruhy we medeni ýakynlygy has-da berkider.
Şunuň bilen baglylykda, döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegine aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirýärin.