Maşgala mukaddesligi – döwletiň binýady
Maşgala – jemgyýetiň esasy söýesi. Ol nesil daragtynyň gülläp, dowamat-dowam bolmagy. Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan hormat-sarpa uludyr. Türkmen halkynda asyrlaryň jümmüşinden bäri tämiz maşgala däpleri saklanyp gelýär. Türkmen maşgalasynda ata – maşgalanyň galasy, ene – ojagyň sütüni hasaplanýar. Ynsan üçin maşgalasyndan, çagalaryndan gymmatly zat ýok.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemek, olaryň arasynda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini, nesil terbiýesini, ata-babalarymyzyň we ene-mamalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, päk zähmete ygrarlylyk ýaly ýörelgelerini wagyz etmek boýunça degişli gulluklar, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde tassyklanan “Maşgala mukaddesligi” atly wagyz-nesihat çäreleriniň Meýilnamasyna laýyklykda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyp ýaşlary 2025-nji ýylyň 21-25-nji aprelinde Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen wagyz-nesihat çärelerine gatnaşdylar.
Çykyş edenler öz durmuş tejribeleri esasynda talyp ýaşlara öwüt-ündewlerini berdiler. Wagyz-nesihat çäresinde maşgala durmuşynyň esaslary, sosial torlaryň zyýanlaryndan goranmak üçin sosial medianyň täsirlerinden goranmagyň ýollary, saglygyň ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydygy, maşgala we saglyk, maşgalada girdeýjini dolandyrmak bilen baglanyşykly maşgala býujeti, ýaşlaryň arasynda ýaramaz endikleriň maşgala ýetirýän täsiri, daşary ýurtlara okamaga ýa-da hünärlerini kämilleşdirmäge gidýän ýaşlaryň ýüze çykyp biläýjek howplaryň öňüni almakda esasy üns bermeli meseleler dogrusynda düýpli we giňişleýin maglumatlar berildi.
Talyp ýaşlar hem öz gezeginde dürli soraglar bilen wagyz-nesihat çäresine işjeň gatnaşdylar.
Şular ýaly geçirilýän wagyz-nesihat çäreler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Topraga, ene-ata, öý-ojaga wepaly perzent Watanyna hem wepalydyr” hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Sagdyn maşgala sagdyn jemgyýetiň, sagdyn jemgyýet bolsa berkarar döwletiň sütünidir!” diýen parasatly sözleriniň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Wagyz-nesihat çärelerinde çykyş eden degişli gulluklaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hünärmenleri hem-de oňa gatnaşan talyp ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, geljegimiz bolan ýaşlaryň terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin alyp barýan giň gerimli özgertmelerinde diňe üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.