“Milli medeni mirasymyz dünýä dillerinde” atly hakaton bäsleşigi

Ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumlary bu gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek işine uly üns berilýär. Şeýle hünärmenleriň kämil bolup ýetişmekleri üçin bu ugurda dürli görnüşli bäsleşikler, olimpiadalar yzygiderli geçirilýär. Soňky wagtlarda dürli ugurlar boýunça innowasion çözgütleri döretmegiň guraly hökmünde dünýäde giňden ýaýran dürli ulgamdaky kompýuter programmistleriniň (dizaýnerler, programmistler, IT ulgamyň hünärmenleri) bäsleşigi - hakaton bäsleşikleriniň geçirilip durulmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Hakaton  bäsleşigi – munuň özi saýlanyp alnan ders boýunça täze pikirleriň döremegine we durmuşa geçirilmegine niýetlenen ýörite meýdança bolmak bilen onuň dürli kärlerdäki, dürli başarnykly adamlary bir topara jemläp, saýlap alnan dersleriň esasynda täze çözgütleri gözlemäge itergi berýär.

2025-nji ýylyň 10-njy maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Milli medeni mirasymyz dünýä dillerinde” atly Watanymyzyň milli medeni mirasyny daşary ýurt dillerinde dünýä ýaýbaňlandyrýan web-saýty döretmek boýunça geçirilen hakaton bäsleșigi,  bu ugurda netijeli geçen bäsleşikleriň biridir.

Bu bäsleşigiň aýratynlyklary we peýdaly taraplary barada söz açylanda, onuň çäginde hakatondaky toparlaryň ähli agzalary öz başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürip, pikirdeşlerini tapyp, dostlaşmaga we köp zatlary öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Şonuň ýaly-da, bäsleşik oňa gatnaşyjylaryň, hususan-da talyp ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek bilen, toparlaýyn işlemek, berlen wagty peýdaly ulanmak, dürli ýagdaýlardan baş alyp çykmak endiklerini kemala getirmäge hem ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygy pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň işiniň netijeliligini ygtybarly aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alyp,  bu bäsleşige ýurdumyzyň 17 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlendi:

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty baş baýraga, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara  nebit we gaz uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 1-nji orna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty, Türkmenistanyň Serhet instituty 2-nji orna, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 3-nji orna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri we oňa gatnaşyjylar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Hormat haty” we sowgatlar bilen sylaglandylar.

Bäsleşigiň jemleýji dabarasyna gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan we durmuşa ornaşdyrýan ylmy, bilimi täze belentliklere ýetirmekdäki maksatnamalaýyn işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.